«Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2026-njy ýylyň maý aýynyň 1-31-i aralygynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna» laýyklykda, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde 2026-njy ýylyň 4-nji maýynda temmäkä garşy göreşmek maksady bilen «Ahlak päkligi-ynsan bezegi» atly synp sagady geçirildi.
Synp sagadynyň başynda mugallym esasan halkymyzyň gadymdan gelýän maşgala däp-dessurlaryny mynasyp dowam etdirmek, ýaş nesliň ýaramaz endikleri ýazgarýan, ruhy we beden taýdan sagdyn, ýokary ahlakly şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri talyplara doly düşündirdi. Şeýle hem synp sagadynyň dowamynda mugallym halk arasynda çilimkeşler barada «Çilimkeşiň hem içi ýanar, hem daşy» aýtgynyň döremegi tötänden däldir, çilimiň adam bedenine, saglygyna ýetirýän zyýany has uludyr diýip jaýdar belläp geçdi.
Bulardan başga-da mugallym özüňe erk etmek barada temany açdy. Danalarymyz «Özüne erk etmäni başaran adam, islendik işiň hötdesinden geler» diýip dogry aýdypdyrlar, erksizlik ahlak nukdaýnazaryndan ýazgarylmaga degişlidir, durmuşda şahsy erksizligiň oňlanylmaýan görnüşde ýüze çykmalarynyň mysallary kän erksiz adam diňe bir özüne däl, eýsem maşgala agzalary hem-de jemgyýet üçin birgiden oňaýsyzlyklary döredýär diýip belläp geçdi. Mysal üçin, çilimkeşiň öz daş-töweregindäkileriň saglygyna ýetirýän zyýany barada hemmämiz bilýäris. Nas ulanmaklyk arassaçylygyň we şahsy gigiýenanyň talaplaryna garşy gelýär hem-de medeniýetsizligiň iň gelşiksiz görnüşde ýüze çykmalarynyň biri hasaplanýar. Spirtli içgileri içýän şahsyýetiň jemgyýete ýetirýän zyýany sanardan köp bolsa gerek, iň gynançly ýeri-de durmuşda serhoş haldaky adam dürli jenaýatlaryň sebäpkäri bolup bilýär diýip mugallym talyplara doly dürs düşündirdi.
Şeýle hem geçirilen synp sagadynda temmäkiniň adam saglygyna zyýanyny düşündirýän dürli plakatlar, wideorolikler, suratlar görkezildi. Mundan başga-da ýaşlaryň arasynda ýörgünli bolup barýan «instagram», «tiktok» ýaly sahypalaryň nogsanly taraplary, olarda dünýä giňişliginde ençeme adamlaryň özlerini mahabatlandyrýan suratlary ýerleşdirilýändigini, ýöne ýaş nesliň türkmen däp-dessurlaryna gabat gelmeýän, türkmençilige gelişmeýän ters hereketlere ýüz urmaly däldikleri barada mugallym talyplara görkezme esbaplary arkaly maglumat berdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda zyýanly endiklere garşy barlyşyksyz göreş alnyp barylýar.Ýurdumyzda hem çilimiň, nasyň ynsan saglygyna zyýanlygy baradaky wagyz-nesihat çäreleri giň gerimde ýaýbaňlanýar. Synp sagadynyň ahyrynda türkmen halkynyň sagdyn durmuşy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Nuryýewa Aýna,
Türkmen döwlet medeniýet we
sungat mekdebiniň mugallymy
Maglumatlar şu salgydan alyndy: TEMMÄKÄ GARŞY GÖREŞMÄGE …