Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherinde geçiren okuw sapagyna bagyşlanan hoşallyk maslahaty geçirildi.

2026-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda geçiren okuw sapagynyň many-mazmunyny talyp ýaşlaryň arasynda düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş eden halypa mugallymlar Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşy barada giňişleýin maglumat berdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň geçiren bu umumy okuw sapagynda ýurdumyzyň içerki we daşarky syýasaty barada, ýaş nesliň jemgyýetdäki orny, watançylyk, bilim, milli terbiýe we häzirki döwrüň tehnologiýalary ýaly meselelere seredilendigini bellediler. Şeýle hem Milli Liderimiz ýaşlaryň häzirki döwürde gazanylýan üstünlikleri berkitmelidigini we ýurdumyzyň geljegi üçin giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmalydygyny belledi diýip, çykyş edenler belläp geçdiler. Gahryman Arkadagymyz bilim ulgamynda ýaşlaryň bilim almagyny aýratyn belledi. Täze okuw ýylynyň başlanmagynyň hünär öwrenmegi we täze tehnologiýalardan netijeli peýdalanmagy üçin şertleriň döredilýändigini nygtaldy. Şeýle hem okuw sapagynda Gahryman Arkadagymyz türkmen ýaşlaryny Watanyň geljegi hökmünde häsiýetlendirip, olaryň bilimleri, zähmeti we döredijiligi bilen ýurdumyzyň abraýyny has-da belende galdyrjakdyklaryna ynam bildirdi diýip ýygnaga gatnaşyjylar aýdyp geçdiler.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyz umumy sapagynda milli taryh we terbiýe meselesinde aýratyn orun berilendigini bellediler.

Şeýle-de türkmen halkynyň edep-terbiýe gymmatlyklarynyň maşgaladan başlanýandygy, ene-atanyň we mugallymyň bu ugurdaky jogapkärçiliginiň uludygy nygtaldy diýip gürrüň berdiler. Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň beýik şahsyýetleriniň, alymlarynyň we akyldarlarynyň mirasynyň ýaşlar üçin uly ruhy çeşme bolup durýandygyny nygtady.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda çykyş edenler geçirilen umumy okuw sapagynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni taýdan gazanan üstünliklerine ünsi çekdi. Şeýle hem Bitaraplygyň parahatçylygy, durnuklylygy we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde eýeleýän ornyny aýratyn belledi. Çykyşda Türkmenistanyň dünýä Bileleşigi bilen gatnaşyklary, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlary ulag, energetika, ekologiýa we ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygy baradaky hem gürrüň edildi.

Wagyz-nesihat duşuşygyň ahyrynda mekdebimiziň talyp ýaşlary, mugallymlary we ähli ýygnaga gatnaşyjylar halkyny röwşen geljege, ýagty menzillere atarýan, türkmeniň beýik şahsyýetlerine hormat-sarpa goýýan, olaryň ykbalyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, Watanymyz ösüşli, röwşen ýollary rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

 

Aýna Nuryýewa                                                                                      

«Medeniýeti öwreniş we durmuş-medeni taslamalar»

bölüminiň mugallymy

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmen halkynyň Milli …

Täzelikler