“Türkmen halysynyň baýramy”

Image description

“Türkmen halysynyň baýramy”

Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän “Türkmen halysynyň baýramy” mynasybetli “Türkmen halysynyň milli muzeýinde” 2025-nji ýylyň 25-nji maýynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu baýramçylyk dabarasynda ýurdumyzyň belli-belli döredijilik toparlary bilen bir hatarda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň “Dürler hazynasy” folklor topary öz folklor eserleri bilen çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Türkmen halysynyň toýuna mekdebimiziň “Dürler hazynasy” folklor topary özüniň  “Kak daragym”, “Bäş barmagymyň hünäri”, “Gül bezelen halym” ýaly eserleri bilen sowgatly bardylar. Bu folklor çykyşy diňe bir öz ýurdumyzyň raýatlary däl, eýsem daşary döwletlerden gelen myhmanlar, ilçiler örän gyzgyn garşyladylar. Şeýle hem bu baýramçylyk çäresinde haly we haly önümleriniň sergisi hem geçirildi.Türkmen halkynyň medeni gymmatlygy bilen gyzyklanýan daşary ýurtlardan köp sanly myhmanlar haly we haly önümleriniň sergisi bilen ýakyndan tanyşdylar. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmen halysynyň baýramy”

Täzelikler