Türkmen halysynyň baýramy halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlygynyň – ajaýyp sungatynyň şöhratyny belende göterýän senedir. Bu baýram pederlerimiziň ruhy-ahlak wesýetlerine, gymmatlyklaryna hem-de özboluşly milli ýörelgelerine wepalydygymyzy görkezýär we şöhraty dünýä dolan türkmen halylarynyň ähmiýetine bagyşlanýar. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň hatarynda möhüm orun eýeleýändigini hem bellemeli. Türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli gymmatlyklarymyzyň daşary ýurtlarda-da uly şöhrata eýe bolýandygyny görkezýär.
Ýaňy ýakynda bolsa Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň gurnamagynda «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň «El hünäri-il gezer» atly gepleşiginiň baýramçylyk sany ýazgy edildi. Gepleşigiň dowamynda mekdebimiziň mugallymy, «Dürler hazynasy» folklor toparynyň çeper ýolbaşçysy Oguljahan Niýazmämmedowa, bu döredijilik toparynyň talyp gelin-gyzlary bilen bilelikde «Bäş barmagymyň hünäri», «Haý öleň», «Gül bezelen halym», «Kak daragym» ýaly birnäçe folklor eserleri bilen çykyş etdiler. Milliligimizi giňden açyp görkezýän bu folklor çykyşlary baýramçylyk gepleşigine has hem öwüşginlik çaýdy.
Bu gepleşigiň dowamynda mekdebimiziň mugallymlary we talyplary haly we haly önümleri hakynda çykyş etdiler. Çykyş eden mekdebimiziň mugallymlary gadymy däpleriň giňden wagyz edilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň el halylarynyň gözelligi baradaky «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynyň bütin dünýäni türkmen halyçylyk sungaty bilen içgin tanyşdyrýandyklaryny bellediler. Mundan başga-da çykyş eden mugallymalar türkmen halysy halkymyzyň gadymy sungaty bolup, onda ruhy gymmatlyklarymyz öz aýdyň beýanyny tapýandygyny we zenan yhlasyny, dünýägaraýşyny, ýürek arzuwlaryny göllerdir-nagyşlaryna siňdiren haly bize ata-babalarymyzyň ýaşaýyş gymmatlyklary hakynda düýpli düşünjeleri berýändigini bellediler.
Şeýle hem nepisligi, inçeligi, ajaýyplygy, dürli öwüşginli lowurdysy, gözüňi gamaşdyrýan owadanlygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary, diline, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna egsilmez söýgüsi jemlenendir diýip gürrüňi dowam etdiler.
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen bu gepleşigiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.



Türkmen döwlet medeniýet
we sungat mekdebiniň
mugallymy Öwezowa Aýgül
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmen halysynyň baýramy …