«Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2026-njy ýylyň maý aýynyň 1-31-i aralygynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna» laýyklykda, 2026-njy ýylyň 1-nji maýynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde talyp ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek, sagdyn durmuş milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, «Ilat arasynda temmäki önümleriň zyýany» barada wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Bu wagyz-nesihat çäresinde çykyş eden mekdebimiziň mugallymy Kümüş Kullyýewa esasan ýaş nesliň, hususan-da, talyp ýaşlaryň arasynda tertip-düzgün, milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, zyýanly endiklerden daşda durmaklygy ündemek, temmäki önümleriniň adam saglygyna ýetirýän zyýanyny düşündirmek, kanun bozulmalaryň öňüni almak, ýaşlaryň saglygyny, işjeňligini ömrüni uzaltmagyň netijeli ýollaryny düşündirmek we bedenterbiýäniň adam saglygyna ýetirýän täsiri barada, talyp ýaşlaryň bu meseleler boýunça düşünjesini ýokarlandyrmak dogrusynda gürrüň etdi.
Şeýle hem wagyz-nesihat çäresinde çykyş eden mekdebimiziň mugallymy Gülnar Gylyçmämmedowa ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olaryň ýaramaz endiklerden daşda bolmaklaryny gazanmakda alnyp barylýan işler oňyn netijeler berýär diýip nygtap geçdi.
Çäräniň dowamynda çykyş eden mekdebimiziň mugallymy Täzegül Rejepowa Garaşsyz Diýarymyzda türkmen jemgyýetiniň ahlak arassalygyny berjaý etmek, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzy watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, zyýanly endiklerden gaça durmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, halal zähmet çekmek meselesine aýratyn uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Olar serhoşlygyň adamyň saglygyna ýetirýän zyýanyny, maşgalanyň dargamagyna ýetirýändigini, çaganyň terbiýelenişine ýaramaz täsir edýändigini belläp geçdi.
Mundan başga-da duşuşygyň dowamynda çykyş eden mekdebimiziň mugallymy Sülgün Ödebaýewa ýaşlaryň ahlak terbiýesiniň esasy maksady adamda edep-terbiýäni, päk ahlaklylygy, jemgyýete peýdaly gowy endikleri we asylly häsiýetleri terbiýelemekden ybaratdyr şeýle-de ahlak terbiýesi birek-birege sylagyň, hormatyň, ynanyşmagyň bolmagyny talap edýär we ýaşlykda öwredilen edep-ekram, berlen terbiýe, ulularyň öwüt-nesihatlary mizemez durmuş kadalaryna öwrülmelidir diýip belläp geçdi.
Bulardan başga-da çykyş edenler ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda ynsan saglygyna zeper ýetirýän endiklere garşy göreşendiklerini, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde zyýanly endikler barada bagtyýar döwrümiziň sagdyn, ruhubelent ýaşlaryny terbiýelemekde we kemala getirmekde uly ähmiýetiň bardygyny belläp geçdiler.
Şeýle hem mekdebimizde wagyz-nesihat çäräsine bagyşlanan «Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş!» atly sergisi gurnalyp talyplara görkezildi. Aýratynam Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary bilen bezelen sergi sergä gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň içgin ornaşmagy ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.


Türkmen döwlet medeniýet we
sungat mekdebiniň
«Kitaphanaçylyk işi» bölüminiň
müdiri Aýna Abaýewa
Maglumatlar şu salgydan alyndy: TÜRKMENISTANDA TEMMÄKÄ GARŞY …