Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler zalynda Türkmenistanda MAMA «Ene-tebigat» atly halkara sergisine mekdebimiziň mugallymlary we talyplary bilen guralan gezelenç çäresi

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler zalynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanda MAMA «Ene-tebigat» atly halkara sergisine 2026-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gezelenç çäresini guradylar.

Bu sergide talyp ýaşlar adamzadyň hem-de janly tebigatyň özara aýrylmaz arabaglanyşygyny emele getirmek bilen, ýaşaýan ajaýyp dünýämizi gorap saklamakdaky jogapkärçiligimizi häzirki zaman sungatynyň çeper dili arkaly açyp görkezýän halkara taslamasy bolup durýandygyna göz ýetirdiler. 

Sergide birnäçe döwletleriň suratkeşleriniň, şeýle-de türkmen suratkeşleriniň biri-birine meňzemeýän döredijilik taslamalarynda tebigatyň ajaýyp keşbi ene söýgüsi bilen sazlaşdyryp, bitewi bir çeper söhbet sungat dili bilen beýan edilýär.

Gezelenjiň ahyrynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymlary, talyplary milli mirasymyzy, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzy içgin öwrenmäge, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Myratdurdy Teňňeliýew 

«Medeniýeti öwreniş we durmuş-medeni
taslamalar» bölüminiň mugallymy

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik …

Täzelikler