Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, ony bütindünýäde dabaralandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Halkymyzyň baý ruhy mirasyny, çuňňur taryhyny we sungat älemindäki nusgalyk ýoluny geljekki nesillere ýetirmekde medeniýet we sungat işgärleriniň orny örän uludyr. Şeýle mukaddes we döredijilikli ojagymyz bolan Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde ýaş nesle döwrebap bilim hem-de terbiýe bermek, olaryň kalbynda sungata bolan söýgini oýarmak meniň üçin iň uly bagtdyr we belent mertebedir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýylynda diýarymyzda edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri, alyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini il arasynda wagyz nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlar Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen belent ada mynasyp boldular. Şol sanda, maňa hem Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolmak bagty miýesser etdi. Bu baýraga mynasyp bolmagym meniň durmuşymyň iň bagtly we ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň biz ýaşlara bildirýän uly ynamyndan ruhlanyp çekýän ujypsyzja zähmetimize berilen şeýle uly baha üçin biz ýaşlaryň buýsanjymyzyň çägi ýokdur.
Ýaş nesliň hem-de biz – ýaş mugallymlaryň ylymda, bilimde, döredijilikde uly sepgitlere ýetmegimiz üçin atalyk aladalaryny edýän, döwrebap şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun.
Tawus Öräýewa
«Kitaphanaçylyk işi»
bölüminiň mugallymy
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň …