WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI
2025-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly wagyz nesihat çäresi geçirildi. Bu çäre gatnaşanlar ýaşlara milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek, şäheriň abadançylygyny gorap saklamak,şäheriň arassa bolmagynda her bir nesliň goşandynyň bolmagyny gazanmak,sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek,zyýanly endiklerden daşda durmak barada durmuşdan alnan mysallar arkaly çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda wekiller Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda adam hakyndaky alada, hususan-da, döwletimizde adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny we saglygyny goramak, bagtyýar durmuşy, asuda jemgyýeti, jemgyýetçilik hukuk tertibini ýokary derejede üpjün etmek, ýaşlaryň arasynda jemgyýetçilik tertip-düzgünini we köçe-ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek, dürli hukuk bozulmalaryň öňüni almak boýunça geçirilýän işler barada bellediler. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygy ugrunda oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýändigini bellediler. Ýol hereketiniň asudalygyny, howpsuzlygyny üpjün etmek, pyýadalaryň we sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjelerini ýokarlandyrmak, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça giň gerimli işleriň alynyp barylýandygy nygtap geçdiler. Ýaşlaryň arasynda yzygiderli geçirilýän giň gerimli wagyz-nesihat çäreleri olaryň ýaramaz endiklerden gaça durmaklaryna itergi berýär. Çärede çykyş eden wekiller jemgyýetiň sagdynlygy,nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda yzygiderli aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI