Mekdebimiziň «Aktýorlyk sungaty», «Medeniýet öýünde režissýorlyk» hünärleriniň talyplary, halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda watançylyk, söýgi, dostluk ýaly temalardan täze-täze il halar döwrebap eserleri sahnalaşdyrýarlar. Ýaňy ýakynda ýagny, 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 27-ne mekdebimiziň mugallymy Baýram Garajaýewiň režissýorlyk etmeginde «Aktýorlyk sungaty» hünäriniň 3-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmaklarynda Hünäri boýunça Döwlet synagy üçin taýýarlanylan dünýä belli dramaturg William Şekspiriň «Otello» atly eseri sahnalaşdyrylyp, Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda görkezildi. Mekdebimiziň uçurym talyplary bu eseri ussatlarça ýerine ýetirdiler.
Bu eser tragediýa žanry hem bolsa režissýor häzirki döwür bilen baglanyşdyryp sahnalaşdyrdy. Eserdäki gahrymanlar bolsa, gabanjaňlyk, şübhe, aldow, gorky ýaly duýgylary, has gowy, düşnükli edip tomaşaçylara ýetirmegi başardylar. Ýene bir aýratyn belläp geçmeli zatlaryň biri gahrymanlaryň egin-eşikleriniň eseriň žanry bilen baglanyşdyrylmagy bu esere has hem öwüşgin berdi.
Şeýle hem bu eserdäki Otellanyň keşbini ýerine ýetiren talyp Arzuwmyrat Kakalyýew öz keşbini dogumly, edermen, garadan gaýtmaz, ynanjaň häsiýetleri bilen janlandyrmagy ussatlarça başardy. Ýagonyň keşbine mahsus bolan göriplik, biwepalyk, aldow, hile ýaly häsiýetleri açyp görkezen talyp Begenç Seýidow režissýor tarapyndan özüne bildirilen ynamy, ýagny keşbini ussatlarça ýerine ýetirip, tomaşaçy talyp deň-duşlarynyň gyzgyn garşylamagyny gazandy.
Bu eser, tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalarynyň astynda, keşp janlandyran gahrymanlara gül desseleriniň gowşurylmagy bilen jemlendi.
Spektaklyň ahyrynda şeýle ajaýyp döwürde okamaga, öwrenmäge, sahnalarda zehiniňi açyp görkezmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Oguljahan Niýazmämmedowa
Türkmen döwlet medeniýet we
sungat mekdebiniň mugallymy
Maglumatlar şu salgydan alyndy: William Şekspiriň «Otello» …