Ýaramaz endiklerden daşda durmak – sagdynlygy goramak

Image description

        2026-njy ýylyň 5-nji maýynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde temmäkä garşy göreşmek maksady bilen «Ýaramaz endiklerden daşda durmak – sagdynlygy goramak» atly synp sagady geçirildi.

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaramaz endiklerden daşda durmak bilen birlikde ata-baba gelýän peder ýörelgelerimizi, milliliklerimizi gündeki ýaşaýşymyzyň kadasyna öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary bilen halkymyzyň ýagty gelejegi üçin ýaş nesillerimiziň zyýanly endiklerden goramak, olary millilik terbiýesine çekmek ugrunda asylly işler alnyp barylýar diýip mugallym gürrüň berdi.

        Synp sagadynyň dowamynda mugallym ýaşlaryň arasynda tertip-düzgün, milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň zyýanly endiklerden daşda durmalydygy,maşgala saglygyny ýurduň saglygyna deňelýändigi, sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň ähmiýeti barada gürrüň etdi. Ýaramaz endikleriň ynsan durmuşynda,esasan-da ýaş nesilleriň geljegi üçin örän zyýanlydygy dogrusynda gymmatly maslahatlar berildi. Zyýanly endiklerden daşda durmak sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhüm bölegidir. Lukmaçylyk ylmynda subut edilişi ýaly, çilimiň adam bedenine ýetirýän zyýany gaty uludyr. Adamyň bedeninde temmäkiniň zäherleýji maddalarynyň täsir etmeýän agzasy ýokdyr. Öýken keseli bilen keselleýänleriň  aglabasy çilim çekýänlerdir. Çilim  çekýän adamyň  göreji ir  kütelýär, eşidiş, duýuş we ys alyş ukyplary wagtyndan öň peselýär. Bulardan başga-da olaryň çagalarynyň  arasynda dürli dogabitdi näsazlyklar we kemçilikler bilen dogulmak ähtimallygy ýüze  çykýar diýip mugallym talyplara suratlar we wideoroliklar arkaly düşündirdi.

       Bulardan başga-da mugallym adam özüne erk etmek we maksat goýmak bilen zyýanly endiklerden azat bolup biler. Şeýle hem başga adamlara sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek jemgyýet üçin peýdalydyr. Gowy kitaplary okamak, täze başarnyklary öwrenmek we özüňe ösdürmek zyýanly endiklerden daşda durmaga kömek edýär. Şonuň üçin her bir adam saglygyna üns bermeli we zyýanly endiklerden daşda durmagy başarmalydyr diýip mugallym talyplara peýdaly maslahatlary berdi.

       Berkarar döwletimizde ajaýyp zamanamyza guwanyp,saglykda ýaşamak her bir ynsanyň arzuwydyr. Sapagyň ahyrynda öz halkynyň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagyna gönükdirilen bimöçber aladalary üçin Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!

 

                                                                                                                                                                  Rejepowa Täzegül

                                                                                                                                                                  Türkmen döwlet medeniýet we

                                                                                                                                                                  sungat mekdebiniň mugallymy

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Ýaramaz endiklerden daşda …

Täzelikler