«YLYM-ÄHLI ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI.

Image description

                                «YLYM-ÄHLI ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI.

2025-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi bilen bilelikde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda «YLYM-ÄHLI ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde geçirilen ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda ylym-bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin giň mümkinçilik döredýändigi barada çykyş edenler bellediler. Şeýle hem maslahatda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty netijesinde ýurdumyzda ylmyň ähli ugurlary bilen birlikde, durmuş-ynsanperwer ylymlaryň hem giň gerimli ösdürilmegine zerur şertleriň döredilýändigi barada pikir alşyldy. Ylmy-amaly maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň ylmyň gazananlarynyň durmuşyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylmagyna  giň  mümkinçilikleri döredýändigini bellediler. Maslahat «Pedagogikada okatmak meselesi», «Ykdysadyýeti hususylaşdyrmagyň oňyn netijeleri», «Bitaraplyk şöhradymyz – şanymyz», şeýle hem «Bitaraplyk parahatçylygyň binýady» atly temalar bilen dowam etdi. Maslahatyň dowamynda öňe sürlen teklipler we pikir alyşmalar oňa gatnaşyjylarda gyzyklanma döretdi.

Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar mekdebiň talyplarynyň taýýarlan aýdym-sazlaryna, edebi-sazly kompozisiýalaryna tomaşa etdiler. Maslahata gatnaşyjylar edilýän şeýle uly aladalar üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: «YLYM-ÄHLI ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY» …

Täzelikler