«Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyrlary» atly aýdym-sazly maslahat!

Image description

2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Medeniýet, sport we Jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň we Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasynyň we Hormatly Prezidentimiziň Mary welaýatyna amala aşyran iş saparlary barada «Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyrlary» atly geçirilen aýdym-sazly maslahata Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň «Höwesjeň halk saz gurallary orkestrini guramak»hünäriniň talyplary sazandarlyk etdiler. Mekdebimiziň aýdym-saz toparynyň talyplarybu geçirilen maslahata gatnaşyp, Ýurdumyzyň ussat aýdymçylaryna sazandarlyk etdiler weözleriniň ukyp başarnyklaryny görkezdiler.

Şeýle hem mekdebimiziň aýdym-saztoparynyň talyplary meşhur kompozitorlaryň eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirip bu çärä aýratyn goşant goşdylar.

Çäräniň ahyrynda maslahata gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Türkmen döwlet medeniýet we

sungat mekdebiniň mugallymy

Ýazgül Begenjowa

Maglumatlar şu salgydan alyndy: «Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň …

Täzelikler