Talyp durmuşy

Image description

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen talyp ýaşlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň hilini ýokarlandyrmak, olaryň okamaklary we okuwdan boş wagtlary medeniýetli dynç almaklary üpjün etmek üçin mekdebimiziň umumy ýaşaýyş jaýynda ähli zerur şertler döredilendir. Häzirki wagtda mekdebimiziň umumy ýaşaýyş jaýynda talyplaryň okuwdan soň özbaşdak okuw tejribeligini artdyrmak üçin Bagtyýarlyk otagy hereket edýär. Ol otagda Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman  Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplary we ýurdumyzyň döwürleýin neşirleri, şeýle hem dünýäde bolup geçýän halkara wakalar bilen içgin tanyşmaga zerur şertler döredilendir.

Mekdebimiziň umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan talyplar okuwdan boş wagtlary edebi-çeper, ylmy döredijilik işleri bilen meşgullanýarlar.

Bulardan başgada mekdebimiziň umumy ýaşaýyş jaýynda «Milli ýörelge-köpe görelde», «El hünäri, il gezer» ýaly nakyllardan ugur alyp talyp gyzlarymyzyň el hünärlerini öwrenmekleri hem-de kämilleşdirmekleri üçin ähli şertler döredilen, ýörite tikinçi talyp gyzlara niýetlenen tikinçilik otagy hem bar.

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklap galmak maksady bilen, talyplarymyz umumy ýaşaýyş jaýynyň daşky arassaçylygyny berjaý etmek ýagny köpçülikleýin ýowarlara hem işjeň gatnaşýarlar.

Mekdebimiziň umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan talyplaryň tertip-düzgüni arassaçylygy, düzgün-nyzamy berk saklamaklyk maksady bilen, okuw ýylynyň dowamynda yzygiderli «Iň arassa otag» atly bäsleşigi geçirilip durulýar we talyplary höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglandyrylýar.